- sabyr
- Biriniň bir zada çydam etmäge bolan ukyby, takat, karar, howlukmazlyk, gyssanmazlyk.∙ Her işde söýgülim, gerekdir sabyr. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Sabyr düýbi-sap altyn. (Nakyl)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.Meselem sabyr - sabry.◊ sabry gaçmak — Bir zada garaşmakdan hasyl bolmak, takatdan düşmek, bikarar bolmak.∙ Ýene birnäçe aý geçdi, Jemalyň has sabry gaçdy. (Çary Aşyr, Ýaş Kilwanyň Ýalňyşy)◊ sabry ýetmek — Sabyrly bolmak, sabyrlylyk etmek, takat etmek.◊ sabyr etmek1) Bir zada garaşmak.∙ Sabyr et, oglum, howlukma! («Görogly» eposy)2) Sabyrly bolmak, takat etmek.∙ Biz biraz sabyr etjek, belki has amatlyrak aw duşar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)◊ sabyryňy ele almak — Sabyrsyzlyk bilen howlukmak, sabyrsyzlyk etmek, bisabyr bolmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.